Kosmosda tagam alyş üýtgeýär: alymlar munuň sebäbini öwrenýärler

Kosmosda tagam alyş üýtgeýär: alymlar munuň sebäbini öwrenýärler

SalamNews

2 месяца назад

94 Просмотров

• Melburnyň Patyşalyk Tehnologiýa Uniwersitetiniň alymlary kosmosda tagam reseptorlarynyň üýtgemeginiň birnäçe faktorlar bilen baglanyşyklydygyny anykladylar.
International Journal of Food Science and Technology žurnalynda çap edilen barlagyň netijesine görä, kosmonawtlaryň ýalňyzlygy we üzňeligi iýmitiň ysyny almagyna we tagamyny duýuşlaryna täsir edip biler.
Barlagçylar waniliň, badamyň we limonyň efir ýagynyň yslarynyň Halkara kosmos stansiýasynda nähili kabul edilýändigini barlamak islediler. Munuň üçin meýletinçileri HKS-y simulýasiýa edýän şertli ýere ýerleşdirdiler. Synaga gatnaşyjylara wirtual hakykat garniturasyny hem geýdirdiler.
Netijede, meýletinçiler limonyň tagamynyň üýtgewsiz galandygyny, waniliň we badamyň tagamlarynyň bolsa has güýçlenendigini habar berdiler. Alymlar olardan benzaldegid tapdylar. Bu süýji ysly himiki maddadyr.
• Barlagyň awtorlary alnan maglumatlaryň kosmonawtlar üçin has ýakymly iýmitleri ösdürmäge kömek etjekdigine ynanýarlar, bu kosmosda uzak möhletli işler geçirilende aýratyn möhümdir. Barlagyň netijeleri Ýerde sosial izolýasiýany başdan geçirýän adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin hem ulanylyp bilner.

@salamnews_tm

Тэги:

#astronomy #cosmos #world_news #habarlar #turkmenistan
Ссылки и html тэги не поддерживаются


Комментарии:

@rejepgeldimuhammedow8225
@rejepgeldimuhammedow8225 - 29.07.2024 15:29

😍😍😍

Ответить
@ХудайбердиГурбанов-г9у
@ХудайбердиГурбанов-г9у - 29.07.2024 15:43

,👍

Ответить